Türkmenistan eksportyň möçberini artdyrmak boýunça maksatnama taýýarlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan eksportyň möçberini artdyrmak boýunça maksatnama taýýarlaýar
Häzirki wagtda döwlete dahylsyz pudagyň jemi içerki önümdäki paýy 70 göterime barabardyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren iş maslahatynyň barşynda 2020-2021-nji ýyllar üçin çökgünlige garşy maksatnama laýyklykda, eksportyň möçberini artdyrmak we 2021-2025-nji ýyllarda import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilýän önümçiliklerini döretmek boýunça maksatnamanyň taslamasyny çaltlandyrmagy tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen çäreleriň dowam etdirilmelidigine, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, häzirki zaman telekeçilik ulgamyny döretmäge ýardam berilmelidigine, öndürilýän önümleriň eksport edilýän möçberini artdyrmakda usulyýet kömeginiň edilmelidigine, hususy taraplara harytlary ýerlemegiň täze bazarlaryny we görnüşlerini gözlemekde goldaw berilmelidigine ünsi çekdi.

Häzirki wagtda döwlete dahylsyz pudagyň jemi içerki önümdäki paýynyň 70 göterime barabardygyny aýdyp, 2021-nji ýylda onuň paýyny 70,6 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna bu taslamany Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanan mejlisinde seretmek üçin hödürlemegi tabşyrdy.

2022