Türkmen buýan köküne we nebit önümlerine isleg artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen buýan köküne we nebit önümlerine isleg artýar
Daşary ýurt telekeçileri reňksiz list aýnasyny, guradylan buýan kökini we nah ýüplügini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 33 million 494 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH ýekşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Kiprden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we awtobenzini satyn aldylar. Şweýsariýanyň we Owganystanyň täjirleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakum gazoýlyny, Beýik Britaniýanyň işewürler toparynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýa, BAE, Türkiýe, Pakistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan döwletleriniň wekillerine daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, guradylan buýan köki we nah ýüplük ýerlenildi.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Gazagystandan, Ermenistandan gelen işewürler nah ýüplügi, pagta soapstogynyň çig ýagly kislotasyny, pagta galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 91 million 265 müň manatlykdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 965 müň manatlyga golaý polipropilen haltalaryny we pagta süýümini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy.