Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň diplomatiýasynyň öňündäki wezipeleri kesgitledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň diplomatiýasynyň öňündäki wezipeleri kesgitledi
Hormatly Prezidentimiz DIM-iň iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda gowulandyrmak boýunça tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy Raşid Meredowa degişli döwlet edaralary bilen bilelikde daşary ýurtlarda söwda wekilhanalaryny açmak üçin teklipleri bermegi tabşyrdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, iş maslahata ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, daşary syýasat düzümleriniň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikowa ýüzlenip, Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, döwlet býujetinden hem-de maliýeleşdirmegiň beýleki döwlet çeşmelerinden bölünip berilýän serişdeleriň öz wagtynda we maksadalaýyk özleşdirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem Milli Liderimiz, DIM-niň ýolbaşçylaryna sebitdäki ykdysady ýagdaýlary seljerip, ýurdumyzyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy bilen geljekde alyp barjak hyzmatdaşlygyna täzeçe çemeleşmek bilen, anyk teklipleriň taýýarlanylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirip, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň beýleki döwletlerdäki diplomatik wekilhanalary, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan daşary ýurtlardan uly möçberde harytlar, enjamlar, ýörite tehnikalar satyn alnanda, öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlyk ýola goýulmalydygyny we bu önümleri amatly bahalardan satyn almakda we zerur maglumatlary alyşmakda olara ýardam etmelidigini aýtdy.

2022