“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky özüniň esaslyk maýasyny şu ýylda 200 million manada ýetirmek barada karar kabul etdi. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bankyň esaslyk maýasynyň ýokarlandyrylmagy bellenen tertipde bellige alnandan soňra, paýnamalar “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we bankyň düzgünnamasyna laýyklykda, ilkinji nobatda paýdarlaryna teklip edilýär.
“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky paýnamalarynyň paýdarlaryň arasynda ýerlenilmedik bölegini “Aşgabat Gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň açyk görnüşde geçirýän söwdalaryna çykarmagy meýilleşdirýär.
Şeýle hem, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna uly möçberde daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi meýilleşdirilýär.
2020-nji ýylda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň esaslyk maýasyny 60 million manada çenli ýetirmek maksady bilen, biriniň bahasy 1500 manada barabar bolan, 13 müňden gowrak ýönekeý atly paýnamalaryň 5-nji goýberilişi yglan edildi we bellenen tertipde hasaba alyndy. Çykarylan paýnamalaryň bir bölegi bankyň häzirki paýdarlarynyň arasynda ýerlenildi, paýnamalaryň ýerlenilmedik bölegi bolsa “Aşgabat Gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guraýan söwdalaryna çykarylyp ýerlenildi.
“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky, ýurdumyzda esaslandyryş gaznasynyň 100 göterimi ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň gatnaşmagynda döredilen ilkinji açyk görnüşli paýdarlar täjirçilik banky bolup durýar.