TOPH geçelgesiniň aýratynlyklary

BIZNES TÜRKMENISTAN
TOPH geçelgesiniň aýratynlyklary
TOPH geçelgesi Owganystanyň bäş welaýatyndan geçer.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) geçelgesi Owganystan üçin tutuş sebite durnuklylygy we uzakmöhletleýin abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe taslamalaryň we başlangyçlaryň toplumydyr. Taslamanyň dünyäniň ähli ýurtlary üçin oňyn netije bermegine garaşylýar.

TOPH geçelgesi aşakdaky taslamalary öz içine alýar:

  • TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisi;
  • TOP 500 (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) elektrik geçiriji;
  • TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy;
  • TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) awtoulag ýoly;
  • TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) demir ýoly.

TOPH gaz geçirijisiniň aýratynlyklary

TOPH geçelgesiniň merkezi taslamasy TOPH gaz geçirijisidir.

Taslama Owganystany, Pakistany we Hindistany türkmen tebigy gazy bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Owganystandaky TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy 774 km bolup, ol Turgundy şäherinden Spin-Boldak serhedine çenli uzap gidýär.

Işe girizilen pursadyndan ilkinji iki ýylyň dowamynda TOPH arkaly Owganystana 2 milliard kub metr gaz iberiler. Üçünji ýyldan başlap, “mawy ýangyjyň” üpjünçiliginiň mukdary ýylda 5 milliard kub metre çenli artdyrylar.

TOPH gaz geçirijisi Owganystanda 12,000-14,000 sany iş ornunyň döredilmegine goşant goşar. Gurluşyk wagtynda takmynan 50 müň iş orny dörediler. TOPH geçelgesiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin 9 müňden 11 müňe çenli goşmaça iş orunlary dörediler.

Ortaça bir owgan maşgalasynda 8 adam bar. Bu bolsa TOPH-yň takmynan 200 müň adamyň uzakmöhletleýin durmuşyna goşant goşýandygyny aňladýar.

Şeýle hem bu taslama ýaşlaryň arasynda ykdysady migrasiýanyň öňüni almaga kömek edip, olar ýaşaýan ýerlerine golaý iş tapyp bilerler.

TOPH geçelgesi Owganystanyň bäş welaýatyndan geçer:

  • 3,027 million ilaty bolan Hyrat;
  • 925 müň ilaty bolan Farah;
  • 156 müň ilaty bolan Nimruz;
  • 1,44 million ilaty bolan Helmand;
  • 1,37 million ilaty bolan Kandagar.

Ýokarda agzalan welaýatlaryň umumy ilat sany 5,5 million adama barabardyr. Owganystanyň 37,1 milliondan gowrak ilaty bar. Bu bolsa ilatyň 15%-nyň TOPH geçelgesiniň ugrunda ýaşaýandygyny aňladýar.

TOPH geçelgesi ösüşiň iki esasy bölegini herekete getirer: energiýa we arabaglanyşyk.

Tebigy gaz we elektrik energiýa üpjünçiliginden daşary, TOPH arabaglanyşygy aňladýar, ol bolsa öz gezeginde harytlaryň Owganystandaky hereketini aňladýar. Bu parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge goşant goşýar.

Söwda işini ýeňilleşdirmek üçin Owganystan 8 sany gury portlary gurmagy meýilleşdirýär, olaryň 4-si TOPH geçelgesiniň ugrunda ýerleşýär:

  • Akina, Farýab welaýaty;
  • Yslam Gala, Hyrat welaýaty;
  • Gury port Çaman Spin-boldak, Kandagar welaýaty;
  • Turgundy, Hyrat welaýaty.

Bu taslama ähli ugurlarda - Merkezi Aziýa, Günorta Aziýa, Hytaýa, Russiýa we Ýewropa üstaşyr we eksport söwdasyna itergi berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani şu ýylyň 14-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki infrastruktura desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda Akina - Andhoý demir ýoly, Ymamnazar (Türkmenistan) - Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) - Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy we üstaşyr akymlary, şeýle hem Türkmenistanyň Kerki şäherinden Owganystanyň Şibergan şäherine çenli elektrik geçirijisi işe girizildi.

Mundan başgada “Таliban” hereketiniň syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradaryň baştutanlygyndaky wekiliýet şu ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistana sapar bilen geldi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, şeýle-de Türkmenistany Owganystan bilen birleşdirýän demir ýollarynyň gurluşyklarynyň taslamalarynyň howpsuzlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşmeler: Türmenistanyň DIM-i, nCA

2022