Lebaply telekeçileriň pomidor eksporty $3.4 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply telekeçileriň pomidor eksporty $3.4 milliondan geçdi
Eksporta ugradylan pomidorlaryň umumy bahasy 3 million 443 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Lebap welaýatynda geçen ýyl telekeçileriň 16-sy ýetişdiren pomidorlarynyň belli bir bölegini daşary ýurtlara eksport etdiler.

“Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, eksporta ugradylan pomidorlaryň umumy bahasy 3 million 443 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, eksporta ugradylan mäşiň umumy bahasy 418,5 müň ABŞ dollaryna ýakynlady. Eksport edilen önümleriň sanawyna noýba, gara jöwen, iýmlik dary we ýorunja tohumy ýaly ösümlikler hem girýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 29-njy ýanwarynda geçirilen mejlisinde wise-premýer Çary Gylyjow Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa azyk we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) önümçilik taslamalarynyň 88-sini amala aşyrmak meýilleşdirilýändigini habar berdi.