“Tatneft” Türkmenistanda sorujy-gysyjy turbalaryň abatlaýyş sehini işe girizdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Tatneft” Türkmenistanda sorujy-gysyjy turbalaryň abatlaýyş sehini işe girizdi
5-nji fewralda "Türkmennebit" döwlet konserniniň bölümleriniň ýolbaşçylary sehiň işi bilen tanyşdylar.

Russiýanyň “Tatneft” nebit kompaniýasy ýanwar aýynyň ahyrynda Türkmenistanda sorujy-gysyjy turbalaryň abatlaýyş sehini işe girizdi.

Kompaniýanyň sişenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, Balkanabat şäherinde “Türkmennebit” döwlet konserniniň kömegi bilen “Tatneft”-iň Türkmenistandaky şahamçasynda sorujy-gysyjy turbalaryň abatlaýyş sehi işe başlady. 5-nji fewralda döwlet konserniniň bölümleriniň ýolbaşçylary sehiň işi bilen tanyşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, sorujy-gysyjy turbalaryň abatlaýyş sehiniň işe girizilmegi “Tatneft” üçin Türkmenistanda hödürlenýän nebit hyzmatlaryny giňeltmekde täze ädim boldy. Häzirki wagtda hem “Tatneft”-iň şahamçasy guýulary düýpli abatlamak we olarda nebitiň öndürilişini ýokarlandyrmak, şeýle hem elektrik nasos enjamlaryny abatlamak boýunça “Türkmennebit” döwlet konserniniň buýurmalaryny ýerine ýetirýär.

Kompaniýanyň bellemegine görä, “Türkmennebit” döwlet konserniniň guýularynda geçirilen geologiki we tehnologiki işler 300 müň tonnadan gowrak nebit çykarmaga mümkinçilik berdi.

Şeýle hem “Tatneft”-iň belleýşi ýaly, turbalaryň abatlanmagy kompaniýanyň maýa goýum çykdajylaryny azaltmaga, nebit öndürmek prosesine ulanylmadyk serişdeleri peýdalanmaga we guýularyň ulanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berer.

“Tatneft” öz ýataklarynda ulanylan turbalary bejerýär we giňden ulanýar diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy belledi. Kompaniýa bu hyzmatlary indi “Türkmennebit” döwlet konsernine, şeýle hem Türkmenistandaky beýleki kompaniýalara hödürleýär. Bu ugurda işleri alyp barmak boýunça ýerli hünärmenler üçin degişli okuw taýýarlygy geçirildi.

“Tatneft”-iň şahamçasy 2011-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda hasaba alyndy. Geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda “Tatneft” we “Türkmennebit” döwlet konserni Goturdepe nebitgaz ýatagynda 2028-nji ýyla çenli guýularyň nebitiň öndürilişini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada goşmaça şertnama baglaşdylar.