“Visa” kompaniýasy startaplar üçin global maksatnamasyna badalga berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Visa” kompaniýasy startaplar üçin global maksatnamasyna badalga berýär
“Visa Everywhere Initiative” bu startaplary we maliýe tehnologiýalary kompaniýalaryny goldamak üçin global innowasion maksatnamasydyr. (Surat: Visa)

“Visa” kompaniýasy esasy baýragynyň umumy bahasy 125 müň ABŞ dollaryna barabar bolan maliýe tehnologiýalary kompaniýalary üçin “Visa Everywhere Initiative 2021” atly innowasiýanyň ösüşini goldamak boýunça global maksatnamasynyň we bäsleşiginiň başlandygyny habar berýär.

Kompaniýanyň çarşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, şu ýyl maksatnama maliýe tölegleriniň mümkinçiliklerini giňeltmäge we ilatyň aglaba  bölegi üçin maliýe hyzmatlaryny elýeterli etmek boýunça innowasion çözgütleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Bäsleşik iki tapgyrdan, ýagny sebitleýin we global tapgyrlardan ybaratdyr. Sebitleýin tapgyrdaky baýragyň umumy bahasy 25 müň ABŞ dollaryna barabardyr. Global maksatnamanyň birinji tapgyrynyň ýeňijileri halkara ýaryşyna gatnaşmaga mümkinçilik gazanarlar. Ol tapgyrdaky baýragyň umumy bahasy 100 müň ABŞ dollaryna deň bolar.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler Merkezi Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika (CEMEA) sebitleri üçin 7-nji maýa çenli iňlis dilinde ýüz tutup bilerler. Sebitleýin bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 8-nji iýunda geçiriler. Dünýä bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 2021-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda geçiriler.

“Puluň päsgelçiliksiz dolanyşygyny üpjün etmek boýunça çözgütleri döredýän kompaniýalary goldamak “Visa” üçin ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Maliýe kompaniýalarynyň innowasiýalary hereketlendiriji güýçdügine ynanýarys we hemmeleri bu maksatnama “Visa Everywhere Initiative” gatnaşmaga çagyrýarys” diýip, “Visa”-nyň GDA we Günorta-Gündogar Ýewropa sebiti boýunça wise-prezidenti we direktory Wera Platonowa belledi.

“Visa Everywhere Initiative” bu startaplary we maliýe tehnologiýalary kompaniýalaryny goldamak boýunça global innowasion maksatnamasydyr. Bu maksatnama ilkinji gezek 2015-nji ýylda ABŞ-da başlap, şol döwürden bäri oňa 7000-den gowrak startaplar gatnaşdylar. Startaplar şu güne çenli 2,5 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýumlary çekdiler. Maksatnama alty kontinentde işe girizilip, 100-den gowrak ýurdy öz içine alýar.

2022