Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde täze wise-premýeriň wezipesi girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde täze wise-premýeriň wezipesi girizildi
Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde gözegçilik bölümi açyldy we onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesini girizip, ony Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalygyna hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, bu baradaky karar penşenbe güni Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde yglan edildi.

Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine bellenilip, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümine girizildi hem-de ol Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşadyldy.

Täze wise-premýeriň wezipesi döwlet we jemgyýetçilik gurluşynda, bilim hem-de saglygy goraýyş, maliýe-ykdysady ulgamlarda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary doly derejede ösdürmegi hem-de bu işlere gözegçiligi üpjün etmekden ybaratdyr.

Şeýle hem Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde gözegçilik bölümi açyldy we onuň düzümi tassyklanyldy.