Türkmen nebit önümlerine we nah ýüplügine isleg artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen nebit önümlerine we nah ýüplügine isleg artýar
Daşary ýurt telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we awtobenzini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 57 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH ýekşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we awtobenzini, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Pakistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplügi we tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümlerini satyn aldylar.

Şeýle hem, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Gazagystanyň telekeçileri bahasy 67 million manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 30 million 618 müň manatlyga barabar bolan “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, pagta süýümini, şeýle hem el haly önümlerini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 110-sy hasaba alyndy.

2022