IEA şu ýyl dünýäde nebite bolan islegiň peseljekdigini çaklaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
IEA şu ýyl dünýäde nebite bolan islegiň peseljekdigini çaklaýar
YHÖG-niň nebit gorlary dekabr aýynda umumy balansda günlik 1,1 million barrele çenli peseldi.

Halkara energetika agentligi (IEA) 2021-nji ýylda dünýäde nebite bolan islegiň günlik 100 müň barrele çenli peselip, günlik 5,4 million barrele ýetjekdigini çaklaýar. Bu barada “Interfaks” penşenbe güni habar berdi.

Şu ýyl dünýä boýunça nebite bolan isleg günlik 96,4 million barrele ýetip, 2020-nji ýylda pandemiýa zerarly ýitiren möçberiniň 60 %-ni dikelder diýip, agentlik öz hasabatynda ýazýar.

IEA Nebite bolan islegiň 2020-nji ýylyň dördünji çärýegi bilen deňeşdirilende 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde günlik 1 million barrele çenli peselmegine we ýylyň ikinji ýarymynda oňyn ykdysady mümkinçilikleriň netijesinde islegiň has güýçli bolmagyna garaşýar.

IEA-nyň maglumatlaryna görä, dekabr aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) nebit we nebit önümleriniň gorlary yzygider bäş aý peselip, onuň mukdary günlik 44,6 million barrele çenli aşak düşdi. Nebit gorlary bäş ýyllyk ortaça günlik 138,3 million barrelden ýokary bolup, 3,063 milliard barrele barabar boldy.

Şol bir wagtyň özünde, YHÖG-niň nebit gorlary dekabr aýynda umumy balansda günlik 1,1 million barrele çenli peseldi.

Deslapky maglumatlara görä, YHÖG ýurtlaryndaky nebit gorlary ýanwar aýynda, esasanam ABŞ-da we Ýaponiýada peselmegini dowam etdi. Şeýle hem, Niderlandiýada (günlik -2,6 million barrele) nebit gorlary pese düşip, Ýewropada günlik 3,9 million barrele deň boldy.

2022