“Bir penjire” ulgamy barada düşünje

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Bir penjire” ulgamy barada düşünje
“Bir penjire” ulgamy söwdany ýeňilleşdirmegiň möhüm guraly bolup biler.

“Bir penjire” ulgamy söwda bilen meşgullanýan taraplar we döwlet edaralarynyň arasyndaky maglumat dolanşygyny çaltlaşdyrmak we ýönekeýleşdirmek hem-de serhetýaka söwda bilen baglanyşykly ähli taraplara peýda getirmek maksatly platformadyr.

BMG tarapyndan kesgitlenişi ýaly, “bir penjire” ulgamy bu “söwda we logistika bilen meşgullanýan taraplara ähli import, eksport we üstaşyr amallarynda ähli kadalaşdyryjy talaplary ýerine ýetirmek üçin ýeketäk ulgamdan peýdalanyp standartlaşdyrylan maglumatlary we resminamalary ibermäge mümkinçilik berýän mehanizmdir. Eger-de, maglumat elektron görnüşinde bolsa, onuň aýratyn elementleri diňe bir gezek girizilmelidir.”

Bu resminamalaryň hataryna adatça hasap-fakturalar, gelip çykyş şahadatnamalary, eksport/import söwda deklarasiýalary we gümrük deklarasiýalary girýär.

“Bir penjire” ulgamy söwdany ýeňilleşdirmegiň möhüm guraly bolup biler. Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) söwda ýeňilleşdiriş şertnamasy BSG-nyň agza döwletlerini şeýle ulgamlary döretmäge çagyrýar. Halkara Söwda edarasynyň 2012-nji ýylda çap eden gümrük gollanmasy hem milli “bir penjire” ulgamynyň döredilmegine çagyrýar we Bütindünýä gümrük guramasy “bir penjire” ulgamynyň döredilişi barada görkezmeleri işläp düzdi.

Milli we sebitleýin “bir penjire” ulgamlary

Milli “bir penjire” ulgamy adatça hyzmatlaryň diňe bir ýurduň içerki döwlet edaralaryny öz içine alýar. Bu ýagdaýda maglumat dolanşygy adatça ýurduň milli serhedinde amala aşyrylýar.

Sebitleýin ‘bir penjire’ bu milli “bir penjiräniň” ornuny tutýan Sebitleýin “bir penjire” ulgamydyr ýa-da kadalaşdyryjy amallary ýerine ýetirmäge kömek edýän milli “bir penjire” ulgamlarynyň arasynda resminamalaryň dolanşygydyr.

Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy (ASEAN) sebitleýin “bir penjire” taslamasyny durmuşa geçiren ilkinji ykdysady gurama boldy. Ondan soňra “Ýewropa Bileleşiginiň deňiz bir penjiresi” we Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň “bir penjire” taslamasy durmuşa geçirildi.

“Bir penjire” ulgamynyň artykmaçlyklary

Ulgamyň esasy artykmaçlygy ykdysadyýete we halkara söwdanyň ösmegine ýardam bermekden ybaratdyr. Bu bolsa söwdanyň aňsatlaşdyrylmagyna köplenç döwlet kadalaşdyryjy edaralary bilen iş çalşylanda söwdegärler üçin wagty we çykdajyny tygşytlamak arkaly gazanylýar. Bu netijeliligiň ýokarlanmagyna getirip, söwda mukdarynyň ýokarlanmagyna goşant goşýar. “Bir penjire” ulgamy ornaşdyrylmadyk ýagdaýynda söwda işi bilen meşgullanýan taraplar harydy import we eksport etmek boýunça rugsat almak üçin köp sanly kadalaşdyryjy edaralar (köplenç dürli ýerlerde ýerleşýän) bilen birnäçe işi amala aşyrmalydyrlar.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda “Eksport-import amallary üçin Bir penjire” taslamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek baradaky Karara gol çekdi hem-de bu toparyň düzümini we topar hakyndaky Düzgünnamany tassyklady.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bu ulgamyň işini utgaşdyrmak üçin ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022