Ngozi Okonjo-Iweala Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory hökmünde saýlanyp, ol dünýä söwda guramasyna ýolbaşçylyk etjek ilkinji zenan maşgalasy we ilkinji afrikaly bolar.
BSG-niň Baş Geňeşi Nigeriýanyň ykdysatçysy we ozalky maliýe ministri Okonjo-Iwealany guramanyň ýedinji Baş direktory wezipesine saýlanandygyny tassyklady. BSG-nyň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, ol öz wezipesini 1-nji martdan 2025-nji ýylyň awgust aýyna çenli dowam eder.
Okonjo-Iweala COVID-19 pandemiýasynyň ykdysadyýete we saglyk pudagyna ýetiren ýaramaz täsirlerini tiz wagtyň dowamynda aradan aýyrmak üçin guramanyň agzalary bilen işlejekdigini aýtdy.
“Men BSG agzalary tarapyndan BSG-nyň Baş direktory wezipesine saýlananym üçin buýsanýaryn” diýip, Doktor Okonjo-Iweala aýtdy. “BSG-nyň COVID-19 pandemiýasynyň ýaramaz täsirinden doly we çalt gutulmagy üçin güýçli bolmagy möhümdir. Men Bütindünýä söwda guramasynyň agzalary bilen bilelikde dünýä ykdysadyýetini täzeden ýola goýmak üçin zerur syýasy çözgütleri işläp düzmäge we tapmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Biziň guramamyz köp kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar, ýöne bilelikde işlemek bilen BSG-ni has güýçli, has çeýe we häzirki wakalara has gowy uýgunlaşdyryp bileris” diýip, baş direktor belledi.
BSG 1995-nji ýylda hemmeleriň peýdasyna açyk söwdany ösdürmek maksady bilen döredildi. Bu gurama halkara söwda gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar we 164 agza ýurduň arasyndaky söwda boýunça ýüze çykýan meseleleriň çözülmegine goşant goşýar.