Türkmenistan bilen Ermenistan işewür gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Ermenistan işewür gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy meýilleşdirýär
Taraplar Türkmenistanyň we Ermenistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Ermenistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda sişenbe güni geçirilen onlaýn gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ýola goýmak üçin bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

“ArmInfo” agentliginiň habar berşine görä, bu çäre Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasynyň ýardam bermegi esasynda gurnaldy.

Gepleşiklere Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Senagat we gurluşyk önümçilik ministrliginiň wekilleri, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Ermeni tarapyndan ýurduň Söwda-senagat edarasynyň başlygy we agzalary, Ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri, şeýle hem ýurduň hususy toparlary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň iki ýurduň telekeçileriniň arasynda ýakyn işewür gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ädim boljakdygyny bellediler.

Hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar dokma senagatynda, gurluşyk pudagynda we oba hojalygynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.