Aşgabat “Lukoýlyň” “Dostluk” ýatagynda iş alyp barmak meýlini goldaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat “Lukoýlyň” “Dostluk” ýatagynda iş alyp barmak meýlini goldaýar
“Lukoýl” kompaniýasy dünýäniň 30-a golaý ýurdunda iş alyp barýar. (Surat: Lukoýl)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Russiýanyň “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen geçiren duşuşygynda “Lukoýl” kompaniýasynyň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini Türkmenistanyň goldaýandygyny hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Milli Liderimiz we Russiýanyň iri nebitgaz kompaniýasynyň ýolbaşçysy ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýe bolan we strategik taýdan möhüm merkez hasaplanylýan Hazar sebitini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek hem-de özleşdirmek hakynda golaýda gol çekilen Ähtnamanyň ähmiýeti nygtaldy.

Alekperow diňe bir Hazar deňziniň däl-de, eýsem, Baltika deňziniň ýalpaklygynda hem “Lukoýlyň” uly iş tejribesiniň bardygyny belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kompaniýa bildirýän uly ynamy üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň “Dostluk” taslamasyny durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Edara binasy Moskwada ýerleşýän iri nebitgaz kompaniýasy bolan “Lukoýl” 1991-nji ýylda esaslandyryldy. Bu kompaniýa dünýäniň 30-a golaý ýurdunda iş alyp barýar.

2022