Türkmenistan-Çehiýa: ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Çehiýa: ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
Praga, Çehiýa Respublikasy.

Türkmenistanyň we Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Wepa Hajiýewiň hem-de Martin Tlapanyň derejesinde anna güni onlaýn görnüşinde geçirilen geňeşmeleriň barşynda taraplar Aziýadan Ýewropa ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ýola goýulmagy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, mundan başga-da energetika we energohowpsuzlyk, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Parahatçylyk söýüjilik esasly başlangyçlaryň özara goldanylmagy bilen birlikde BMG-niň we ÝB-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýagdaýy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara hereketleriň şertnama-hukuk binýadynyň ösdürilmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Çehiýa tarapy Owganystanda parahatçylyk prosesiniň ilerledilmegine ýardam bermek bilen birlikde, sebit hem-de halkara işlerinde Türkmenistanyň işjeň ornuna ýokary baha berdi.  

Taraplar oňyn mümkinçilikleri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler. Iki ýurduň Söwda-syýasat edaralarynyň we işewürler toparynyň arasynda onlaýn gepleşikleri guramagyň meselelerine hem seredilip geçildi.

Çehiýa tarapy Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy (BSG) bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi we bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygynyň indiki tapgyrlarynda ýakyndan ýardam bermäge taýýarlygyny beýan etdi.

2022