Daşary ýurtly telekeçiler türkmen polipropilenini we awtoulag benzinini satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurtly telekeçiler türkmen polipropilenini we awtoulag benzinini satyn aldylar
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen plýonkasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 110 million 672 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni hem-de az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. BAE-den, Beýik Britaniýadan, Owganystandan, Singapurdan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 belgili awtoulag benzinini, suwuklandyrylan gazy hem-de tehniki kükürdi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna tekiz reňklenen we tüýjümek žakkard önümlerini, nah ýüplügi satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 65 million 764 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi, buýan köküniň şerbetini hem-de lukmançylyk maksatly beýleki serişdeleri satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen plýonkasyny satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 16 million manatlykdan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy.

2022