Russiýa BAE bilen bilelikde ýokary tizlikli ýolagçy uçaryny döretmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa BAE bilen bilelikde ýokary tizlikli ýolagçy uçaryny döretmekçi
"Mitsubishi Regional Jet" uçary (Surat: Nikkei Asia)

Russiýanyň Birleşen Awiasiýa Korporasiýasy we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) “Mubadala” döwlet maýa goýum kompaniýasy ýokary tizlikli ýolagçy uçaryny döretmek boýunça bilelikde kärhana açarlar. Bu barada Russiýanyň Senagat we söwda ministri Denis Manturowyň BAE-ne amala aşyran saparynyň dowamynda habarçylara beren beýanatyna salgylanyp, “TASS” agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

Manturow uçaryň başlangyç dizaýnynyň 2021-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2022-nji ýylyň başynda hödürlenjekdigini belläp, ol 1,5-1,8 Mah tizlikde, ýagny sesden 1,5-1,8 esse çalt tizlikde hereket eder diýip aýtdy.

Uçaryň sekiz ýolagça we 30 ýolagça niýetlenen görnüşlerde öndürilmegine garaşylýar.

Sesden ýokary tizlik diýip 1 we 5 Mah aralykdaky tizliklere aýdylýar. “TASS”-yň maglumatyna görä, eger deňeşdirme geçirilse Ýewropanyň halkara uçar öndürijisi bolan “Airbus” kompaniýasynyň “Airbus A350” howa gämisiniň 12 müň metr töweregi beýiklikde 0,89 Mah (ortaça 945 kilometr/sagat)  tizlikde uçmaga mümkinçiligi bardyr.

Russiýanyň bu taslamasy ilkinji gezek 2019-njy ýylda yglan edildi. Şol döwürde Manturow bu taslama üçin başlangyç maýa goýumlarynyň 100 million ABŞ dollaryna barabar bolup biljekdigini aýtdy.