Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi (OMYH) partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostum bilen duşenbe güni geçiren duşuşygynda bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda netijeli türkmen-owgan özara hereketleriniň gün tertibi boýunça pikirler alşyldy. Taraplar energetika, kommunikasiýa, ulag we beýleki ugurlardaky taslamalaryň dessine durmuşa geçirilmegi babatynda bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny nygtadylar.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň, şeýle-de Türkmenistandan Owganystana täze demir ýollarynyň çekilmegi ýaly geljegi uly taslamalaryň öz wagtynda we talabalaýyk durmuşa geçirilmegine özara gyzyklanma bildirildi.
OMYH partiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy goňşy doganlyk ýurtda parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, şeýle-de Owganystanyň hem-de onuň halkynyň durnukly ykdysady ösüş ýoluna integrirlenmegi boýunça tagallalarynyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdi.
Söhbetdeşligiň çäklerinde taraplar Türkmenistan tarapyndan Owganystanyň we tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan has hem ösdürilmegine gönükdirilen iri möçberli infrastruktuta taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň derwaýys häsiýetini belläp geçdiler.
TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy 1840 km barabar bolar. Onuň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre çenli tebigy gazy üpjün etmäge niýetlenip, geçiriji dünýäde ikinji iň uly gaz ýatagy bolan Galkynyşdan başlar. Gaz geçirijiniň soňky barjak ýeri Pakistan bilen Hindistanyň serhediniň golaýynda ýerleşýän Hindistanyň Fazilka şäheri bolar.