Türkmenistanda telekeçilik işleri boýunça ygtyýarnamalaryň hereket ediş möhleti näçe?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda telekeçilik işleri boýunça ygtyýarnamalaryň hereket ediş möhleti näçe?
Telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti üç ýyldan az bolmaly däldir.

“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, telekeçilik işlerinde käbir kesgitlenen işleriň görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin degişli döwlet edarasyndan ygtyýarnama almak zerur bolup durýar.

Ygtyýarnamanyň görnüşleriniň hereket ediş möhleti:

  • hünärmenlik hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi we telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi bolan bank işiniň amala aşyrylmagy üçin hereket ediş möhleti çäklendirilmezden;
  • telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak (bank işi, spirtli, alkogolly önümleri, temmäki önümlerini getirmek muňa degişli däldir) üçin – kesgitli, ýöne üç ýyldan az bolmadyk möhlete;
  • spirtli, Türkmenistanda öndürilmeýän we haryt nyşany (söwda markasy) bolan ýokary hilli alkogolly önümleri, şeýle hem temmäki önümlerini getirmek üçin – bir ýyldan artyk bolmadyk möhlete berlip bilner.

Telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti üç ýyldan az bolmaly däldir, ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň arzasyna laýyklykda onuň hereket ediş möhleti azaldylyp bilner, ýöne ol bir ýyldan az bolmaly däldir.

Telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti ygtyýarnamalynyň arzasy boýunça uzaldylyp bilner.