Goldman Sachs: “Brent” nebitiniň bahasy $75 baryp biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Goldman Sachs: “Brent” nebitiniň bahasy $75 baryp biler
OPEC+ ýurtlarynyň ätiýaçlyk gorlarynyň dünýä derejesinde çalt azalmagy sebäpli bazar deňagramlylygyny ýitirer.

“Goldman Sachs Group Inc.” maýa goýum banky nebitiň “Brent” görnüşiniň bahasynyň 10 ABŞ dollary möçberinde gymmatlap, indiki çärýekde 70 ABŞ dollaryna we indiki üç aýda bolsa 75 ABŞ dollaryna barabar bolar diýip çaklady. Bu barada “Goldman”-a salgylanyp, “Bloomberg” agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

Nebitiň bahasy öň çaklanylyşyndan has gysga wagtda ýokarlanar. Munuň sebäbi dünýäde nebite bolan islegiň OPEC+ ýurtlarynyň, slanes nebitiniň we Eýranyň nebit üpjünçiliginden has ýokary bolmagy bilen baglanyşyklydyr.

Bankyň aýtmagyna görä, nebit üpjünçiligi birnäçe sebäplere görä talapdan yza galar. Ýagny, OPEC+ ýurtlarynyň ätiýaçlyk gorlarynyň dünýä derejesinde çalt azalmagy sebäpli bazar deňagramlylygyny ýitirer.

Demirgazyk Amerikadan başga OPEC+ bileleşigine girmeýän öndürijileriň aglaba bölegi nebit önümçiligini ýokarlandyrmaz. Netijede, bankyň geljek ýyl üçin çaklamalaryna görä, nebit üpjünçiligi bir günde 900 müň barrele düşer.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022