Awstraliýada 35 kilogramdan gowrak ýüňli ýabany goýun halas edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awstraliýada 35 kilogramdan gowrak ýüňli ýabany goýun halas edildi
Baraak gowy gyrkylandan soň onuň ýüňüniň agramy 35,4 kilograma barabar boldy. (Surat: Reuters)

Awstraliýada tokaýda tapylan ýabany we syrkaw goýundan 35 kilogramdan gowrak ýüň çykdy. Goýuny halas eden adamlar ony Baarak diýip atlandyryp, ýüňini ençeme ýyldan son ilkinji gezek gyrkdylar. Goýundan çykan ýüňüň agramy uly kengurunyň ýarty agramyna barabardyr. Bu barada “Reuters” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Goýuny tapan raýat Melburndan 60 km demirgazykda ýerleşýän Lansfild şäheriniň golaýyndaky “Edgar’s Mission Farm Sanctuary” haýwanlary halas etmek boýunça gurama ýüz tutdy diýip, guramanyň wekili Kaýl Berend mälim etdi.

“Baarak goýunyň bir wagtlar eýesi bar bolanlygy ahmal, sebäbi onuň gulagynda öňden galan tagmanyň yzy bar,” diýip, Berend aýdyp, ol tagmanyň aşa ösen ýüň zerarly aýrylandygyny belledi.

“Goýunlaryň ýüňi iň bolmanda ýylda bir gezek syrylmalydyr, ýogsam ýüň bu ýerde bolşy ýaly ösmegini dowam etdirýär” diýip, Berend aýtdy. Onuň sözlerine görä, Baraak gowy gyrkylandan soň onuň ýüňüniň agramy 35,4 kilograma barabar boldy.

“Goýunyň tokaýdaky gaýalaryň üstünden ylgamagy sebäpli onuň toýnaklarynyň ýagdaýy gowudy, ýöne onuň özüni duýşy kän bir gowy däldi. Onda agram ýetmezçiligi bardy hem-de ýüzündäki aşa ösen ýüň zerarly gözi zorluk bilen görýärdi” diýip, Berend belledi.

Baarak häzirki wagtda “Edgar’s Mission Farm Sanctuary” haýwanlary halas etmek boýunça guramada başga halas edilen goýunlar bilen ýaşaýar.

2022