Gazagystanyň Mangystaw oblastynda täze ägirt uly nebit-gaz ýatagy tapyldy. Bu barada oblastyň häkimligi (Akimat) çarşenbe güni habar berdi.
Metbugat beýanata görä, Sowet döwrüniň meşhur nebitçisi Halel Özbekgaliýewiň ady dakylan bu ýatak ýurduň garaşsyzlykdan soňky döwürde uglewodorod baýlyklarynyň iň uly açyşlarynyň biri bolup biler.
Uglewodorod ýatagynyň özleşdirilmegini Gazagystanyň “Meridian Petroleum” hususy kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar.
Mangystaw oblastynyň häkimi Serikbaý Trumow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda “Meridian Petroleum” kompaniýasynyň başlygy Baltabek Kuandykow ýatagyň açylmagyny “biziň ýurdumyz üçin hakykatdanam taryhy waka boldy” diýip häsiýetlendirdi.
Häkim Trumow hem öz gezeginde Halel Özbekgaliýewiň adyndaky ýatagyň “sebitiň sosial we ykdysady ösüşine uly itergi berjekdigini we täze iş orunlarynyň döretjekdigini” aýtdy.
Habarda bellenilişi ýaly, ýatakdaky nebitiň düzümi az kükürt mukdary bilen tapawutlanýar. Bu bolsa onuň gaýtadan işlenilmegini we daşalmagyny aňsatlaşdyrýar.
Häkimlik gorlaryň mümkin bolan mukdaryny kesgitlemek üçin goşmaça derňewleriň zerurdygyny aýtdy.
Gazagystanyň Mangystaw oblasty ýurduň günorta-günbatarynda ýerleşip, Hazar deňzi, şeýle hem Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetleşýär. Bu oblast Gazagystanyň nebit önümçiliginiň 25%-ini tutýar.