“Erkin gurluşyk” 500 tonna golaý alma we üzüm hasylyny ýygnady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Erkin gurluşyk” 500 tonna golaý alma we üzüm hasylyny ýygnady
Alma agaçlary ösdürilip ýetişdirilen bag meýdanynyň üsti polipropilenden ýasalan ýörite örtük bilen tutuşlygyna basyrylan.

Telekeçi Toýly Çaryýewiň Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasy geçen ýyl 500 tonna golaý ilkinji alma we üzüm hasylyny ýygnady. 

Telekeçiniň uzak möhletleýin peýdalanmaga alan ýerleriniň 300 gektaryny miweli baglar, üzümçilik meýdanlary tutýar. Şeýle-de ol ýerlerde gök-bakja ekinleri hem ösdürilip ýetişdirilýär.

Alma agaçlary ösdürilip ýetişdirilen bag meýdanynyň üsti polipropilenden ýasalan ýörite örtük bilen tutuşlygyna basyrylan. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň günorta künjeginde tomusda ýiti Gün şöhlesiniň miweleri ýakmazlygy üçin peýdalanylýar.

Şeýle-de şu ýyl 20 müň düýp kişmişlik, 50 müň düýp çemesi üzüm nahaly oturdyldy. Häzirki wagtda bolsa ýene-de 50 müň düýp çemesi miweli, saýaly hem-de pürli bag nahallaryny ýetişdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Kärhana möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmekde “John Deere” kompaniýasyndan getirilen täze tehnikalardan netijeli peýdalanýar.

2022