“Mizemez gadam” jaý boýaglarynyň önümçiligini ýola goýmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Mizemez gadam” jaý boýaglarynyň önümçiligini ýola goýmakçy
Kompaniýa gury gurluşyk garyndylary, suw esasly emulsiýalar, kafel üçin ýelimler, bişen kerpiç ýaly gurluşyk serişdelerini hem öndürýär. (Surat: "Creative Line")

Telekeçi Sunnetulla Sadykowyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän “Mizemez gadam” hususy kärhanasy alyp barýan işleriniň gerimini giňeldip, jaýlaryň içki we daşky boýaglarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Kärhananyň işçi-hünärmenleri gurluşyklar üçin zerur bolan alýuminden penjirelerdir gapylar, demir germewlerdir haýatlar ýaly gurluşyk serişdeleriniň hem birnäçesini öndürýärler.

Mundan başga-da, kompaniýanyň gurluşykçylary häzirki wagtda welaýatyň çäginde 3 sany 4 gatly, 24 öýli täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işlerini alyp barýarlar.

Häzirki wagtda kärhanada 150-ä golaý işçi-hünärmen zähmet çekýär. Kompaniýa gurluşyk işlerini alyp barmakdan başga-da, gury gurluşyk garyndylary, suw esasly emulsiýalar, kafel üçin ýelimler, bişen kerpiç ýaly gurluşyk serişdelerini hem öndürýär.

“Mizemez gadam” kompaniýasy 1994-nji ýylda döredilip, bişen we beton kerpiç ýaly gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi bilen öz işine başlady. 2018-nji ýylda gidroizolýasiýa örtükleriniň önümçiligini ýola goýup, kärhana Magdanlyda bu gurluşyk serişdesi üçin gerekli çig mal bolan üwelen heki hem öndürýär.

2022