"Reuters": Nebitiň bahasy durnukly ýokarlanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Reuters": Nebitiň bahasy durnukly ýokarlanar
“Reuters” agentligiň geçiren sowalnamasynda “Brent” nebitiniň şu ýyl bir barreliniň ortaça bahasynyň 59.07 ABŞ dollaryna barabar boljakdygy çaklanyldy. (Surat: BP)

COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymlaryň giňden ýaýramagy sebäpli ykdysadyýetiň dikelmegi, ýurtlaryň hökümetleriniň maliýe goldawlary we öňdebaryjy nebit öndürijileriniň önümçiliklerini çäklendirmekleri netijesinde nebitiň bahasy durnukly ýokarlanar. Bu barada “Reuters” agentligi öz geçiren sowalnamasynyň netijelerine esaslanyp, geçen hepde habar berdi.

55 sany maliýe edaralarynyň analitikleriniň arasynda geçirilen sowalnamada “Brent” nebitiniň şu ýyl bir barreliniň ortaça bahasynyň 59.07 ABŞ dollaryna barabar boljakdygy çaklanyldy.

Geçen aýda nebitiň bir barreliniň ortaça bahasynyň 54.47 ABŞ dollaryna ýetjekdigi çaklanylypdy. Şu wagta çenli döwürde “Brent” nebitiň bir barreli üçin ortaça bahasy 58.80 ABŞ dollaryna deň boldy.

Sowalnama gatnaşan analitikleriň aglabasynyň bellemegine görä, Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy we onuň hyzmatdaşlary (OPEC+) 4-nji martda geçiriljek duşuşykda häzirki nebit önümçiliginiň çäklendirmelerini ýeňilleşdirip bilerler, emma üpjünçiligi belli bir durnukly derejede saklamaga karar bererler.

Şu aýyň başynda “Goldman Sachs Group Inc.” maýa goýum banky şu ýylyň üçünji çärýeginde nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barelliniň bahasy 75 ABŞ dollaryna barabar boljakdygyny çaklady.

2022