“Gamyşlyjanebit” 61 müň tonnadan gowrak nebit çykardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gamyşlyjanebit” 61 müň tonnadan gowrak nebit çykardy
Häzirki wagtda iň öňdebaryjy enjamlar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan müdirligiň hünärmenleri Balkan welaýatynyň Şatut we Altyguýy känlerinde iş alyp barýarlar.

“Türkmennebit” DK-nyň “Gamyşlyjanebit” nebitgazçykaryş müdirligi boýunça 2021-nji ýylyň başyndan bäri “gara altynyň” çykarylan möçberi 61 müň tonnadan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhana boýunça bellenilen meýilnamadan 1 müň 212 tonna uglewodorod çig maly artyk çykaryldy.

Häzirki wagtda iň öňdebaryjy enjamlar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan müdirligiň hünärmenleri Balkan welaýatynyň Şatut we Altyguýy känlerinde iş alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow fewral aýynyň 11-ne geçiren hökümet ýygnagynda wise-premýer Şahym Abdrahmanowa “Türkmennebit” döwlet konserni nebit ýataklaryny gözlemegi, işläp geçmek babatda halkara kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagy, täze açylan ýataklary özleşdirmäge we köne ýataklardan kynlyk bilen çykarylýan nebitiň galyndy gorlaryny çykarmaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi tabşyrdy.

2022