Türkmenistan-Gyrgyzystan: Hazaryň üstünden Ýewropa çykjak täze geçelgäni döretmek maslahatlaşyldy

BT
Türkmenistan-Gyrgyzystan: Hazaryň üstünden Ýewropa çykjak täze geçelgäni döretmek maslahatlaşyldy
Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň Gyrgyz Respublikaysnyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bakyt Torobaýew bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri, 2024-nji ýylyň 13-nji noýabry (Surat: gov.kg)

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan Hazar deňzi arkaly Merkezi Aziýany Ýewropa bazarlary bilen baglanyşdyrýan täze ulag geçelegesini döretmegi ara alyp maslahatlaşdylar. 

Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu meselä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, suw serişdeleri, oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagat ministri Bakyt Torobaýew bilen çarşenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren duşuşygynda garaldy. 

Bu taslama Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan peýdalanmak arkaly multimodal ulag geçelgesini we Azerbaýjanyň Alýat deňiz porty arkaly Ýewropa ýurtlaryna çykmak mümkinçiligini döretmegi göz öňünde tutýar. 
Mämmethan Çakyýew bilen Bakyt Torobaýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlardaky meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ulag-logistika düzümlerini ösdürmäge aýratyn üns berdiler. Taraplar sebitleýin söwda gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin Hazar deňzi arkaly ýük akymlaryny artdyrmagyň strategik taýdan ähmiýetlidigini nygtadylar. 

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda gyrgyz ýük daşaýjy kompaniýalary üçin ýeňillikli nyrh meýilnamalaryny maslahatlaşmak duşuşygyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu çözgüt Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Russiýa ugry boýunça täze geçelgäniň ýa-da Azerbaýjanyň üsti bilen goşmaça ugurlaryň özüne çekijiligini düýpli ýokarlandyryp biler. 

Gepleşikleriň dowamynda şeýle hem energetika, oba hojalygy we söwda ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, ara alnyp maslahatlaşylan ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi iki döwletiň ykdysady gatnaşyklaryny berkitmekde we olaryň eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ädim bolar. 

2022