“Çäksiz ýollar” HK şu ýyl 500 tonna dary eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Çäksiz ýollar” HK şu ýyl 500 tonna dary eksport etdi
Kompaniýa şertnama boýunça Yraga jöweniň we sübselik dänäniň hersiniň 250 tonnadan gowragyny eksport etdi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Çäksiz ýollar” hususy kärhanasy 2021-nji ýylyň ýanwar fewral aýlarynda mäşiň 50 tonnasyny we darynyň 500 tonnasyny daşary ýurtlara eksport etdi.

Kompaniýanyň hünärmeni Şirin Hojaýewanyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren habaryna görä, bulardan başga-da kompaniýa şertnama boýunça Yraga jöweniň we sübselik dänäniň hersiniň 250 tonnadan gowragyny eksport etdi.

Şeýle hem, kompaniýa daýhanlar bilen şertnama esasynda işleşip, oba hojalygy ugrunyň lomaý söwdasy bilen meşgullanýar.

“Çäksiz ýollar” hususy kärhanasy 2019-njy ýylda esaslandyryldy. Geljekde kärhana öz iş gerimini giňeldip, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna önümlerini eksport etmegi maksat edinýär.

2022