OPEC+ ýygnagynyň netijesinde nebit bahalary galýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
OPEC+  ýygnagynyň netijesinde nebit bahalary galýar
Anna güni söwdalaryň dowamynda “Brent” nebitiň maý aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 68 ABŞ dollaryna çenli galdy. (Surat: BP)

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasynyň we onuň hyzmatdaşlarynyň (OPEC+) penşenbe güni geçiren ýygnagynda nebit önümçilik çäklendirmelerini saklamak karary dünýäde nebitiň bahalarynyň 1 ABŞ dollaryndan gowrak ýokarlanyp, geçen 14 aýyň dowamynda iň ýokary derejä ýetmegine sebäp boldy. Bu barada “Reuters” agentligi habar berdi.

Anna güni “Brent” nebitiň maý aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 68 ABŞ dollaryna ýetdi. Irden geçirilen söwdalaryň netijesinde şertnamanyň bahasy 1,09 ABŞ dollary möçberinde ýa-da 1,6% ýokarlanyp, 67,83 ABŞ dollaryna deň boldy.

Söwdalaryň dowamynda WTI nebitiniň şertnamalarynyň bahasy 93 sent ýa-da 1,5% ýokarlanyp, 64,76 ABŞ dollaryna ýetdi. Söwdalaryň başlarynda şertnamalaryň bahasy 64,94 ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy.

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy we onuň hyzmatdaşlary (OPEC+) nebit çykaryş çäklendirmelerini aprel aýyna çenli uzaldyp, Russiýa we Gazagystana az mukdarda ýeňillikler bereninden soň, şertnamalaryň ikisi-de 4%-den gowrak ýokarlandy.

Geçen iki aýyň dowamynda nebitiň bahasy ýokarlanandygyna garamazdan, Saud Arabystanynyň aprel aýynda hem nebit önümçiligini meýletin azaltmak karary analitikleri we maýa goýujylary geň galdyrdy.

Penşenbe güni geçirilen OPEC+ ýygnagynyň netijesinde “Goldman Sachs” banky şu ýylyň ikinji çärýeginde "Brent" nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny 5 ABŞ dollary möçberinde ýokarlandyryp 75 ABŞ dollaryna çenli galdyrdy. Şeýle-de şu ýylyň üçünji çärýeginde nebitiň bahasynyň 80 ABŞ dollaryna çenli ýokarlanjakdygyny çaklady. UBS banky bolsa 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda "Brent" nebitiniň bahasynyň 75 ABŞ dollaryna, WTI nebitiň bahasynyň 72 ABŞ dollaryna ýetjegini çaklady.

2022