Hytaý 2021-nji ýylda jemi içerki önümi (JIÖ) alty göterimden gowrak ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Hytaýyň 13-nji milli halk gurultaýynyň 4-nji sessiýasynda anna güni ýaýradylan hasabatyna salgylanyp, “TASS” agentligi habar berdi.
Hasabata görä, COVID-19 pandemiýasynyň ýaramaz täsiri sebäpli, 2020-nji ýylda Hytaýyň ykdysady ösüş depgini 2,3%-e barabar bolup, 40 ýylyň dowamyndaky iň pes derejä bardy. Jemi içerki önümiň möçberi 101,59 trillion ýuandan (takmynan 15,66 trillion ABŞ dollaryndan) geçdi.
Hytaýyň döwlet býujet defisiti 2021-nji ýylda ýurduň JIÖ-niň takmynan 3,2%-ni tutar.
Hytaýyň ykdysadyýetiniň ösüş depgini ýylsaýyn haýallaýar. 2017-nji ýylda 6,8%, 2018 we 2019-njy ýyllarda degişlilikde 6,6% we 6% boldy.
Analitikler Hytaýyň ykdysadyýetiniň şu ýyl 8%-den gowrak ösmegine garaşýarlar. Halkara pul gaznasy ýanwar aýynda Hytaýyň ykdysadyýetiniň 2021-nji ýylda 8.1% ösjekdigini çaklady.