“Ýelken” geçen ýyl 22 milliondan gowrak polipropilen halta öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýelken” geçen ýyl 22 milliondan gowrak polipropilen halta öndürdi
“Ýelken” kompaniýasynyň ýyllyk 30-35 million sany halta we 60-dan 80 müň inedördül metre çenli sendwiç panelleri öndürmäge ukyby bar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän “Ýelken” hususy kärhanasy geçen ýylyň dowamynda 22 milliondan gowrak polipropilen haltala öndürdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanylan sergide kompaniýanyň wekili Batyr Allanazarowyň “Biznes Türkmenistan” internet neşiri bilen geçiren söhbetdeşliginde haltalaryň birnäçe görnüşleri bolup, olaryň ini 35 santimetrden  85 santimetre çenli, boýy bolsa 125 santimetre çenli uzynlykda öndürilýändigini aýtdy.

Şeýle-de azyk harytlary üçin, ýagny un, tüwi, şeker we tehniki önümleri bolan sement, gips, şpaklýowka ýaly harytlary gaplamak üçin laminirlenen klapanly karopka görnüşli haltalar hem öndürilýär. Bu görnüşli haltalaryň göterijiligi 50 kilograma çenli ýetip, olar Germaniýadan getirilen enjam bilen öndürilýär.

Hususy kärhanada diňe bir  polipropilen haltalaryň däl, eýsem sendwiç panelleriň önümçiligini hem alnyp barylýar. Sendwiç panelleriň galyňlygy 6-20 santimetr aralygynda we uzynlygy 12 metre çenli görnüşde öndürilýär. Türkmenistanda sendwiç panelleri müşderiniň sargydy boýunça islendik uzynlykda öndürilýär. Olara diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşary ýurt bazarlaryndada uly isleg bildirilýär.

Kärhananyň tehniki enjamlary Germaniýa, Çehiýa, Awstriýa, Italiýa ýaly ýurtlaryndan getirildi. Kompaniýanyň ýyllyk 30-35 million sany halta we 60-dan 80 müň inedördül metre çenli sendwiç panelleri öndürmäge ukyby bar.

Önümçilikde ulanylýan çig malyň aglaba bölegi ýurdumyzda öndürilip, TNGIZT-den we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar. Mundan başga-da, Lebap, Balkan, Bäherden sement zawodlarynyň önümlerini gaplamak üçin ulanylýan haltalar “Ýelken” hususy kärhanasynyň zawodynda öndürilýär.

 “Ýelken” hususy kärhanasy 1998-nji ýylda döredilip, kompaniýa gurluşyk we azyk harytlarynyň söwdasy bilen meşgullanýardy. 2016-njy ýyldan başlap kärhana daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýurdumyzda  ýola goýmak maksady bilen polipropilen haltalar we haltalyk matalaryň önümçiligine başlady.

2022