Azerbaýjan Hazar deňzinde täze gaz gorlaryny tapdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjan Hazar deňzinde täze gaz gorlaryny tapdy
Şafag-Asiman ýatagynda burawlanan guýuda 7 müň 189 metr çuňlukda ilkinji gaz kondensat gorlary tapyldy. (Surat: BP)

Hazar deňziniň Azerbaýjan tarapynyň Şafag-Asiman ýatagynda täze gaz kondensat gorlary tapyldy. Bu barada Azerbaýjanyň SOCAR döwlet energiýa kompaniýasy çarşenbe güni öz metbugat beýanatynda habar berdi.

“Hazar deňziniň Azerbaýjan tarapynyň Şafag-Asiman ýatagynda burawlanan guýuda 7 müň 189 metr çuňlukda ilkinji gaz kondensat gorlary tapyldy” diýip, SOCAR-yň beýanatynda aýdylýar.

Beýanata görä, uglewodorod gorlarynyň takyk göwrümini kesgitlemek üçin goşmaça guýyny burawlamak üçin tehniki meýilnama işlenilip taýýarlanar.

SOCAR we BP kompaniýasy bilelikde Şafag-Asiman ýatagynda gözleg işlerini alyp barýarlar. Önümi paýlaşmak şertnamasyna (PSA) laýyklykda, guýy BP kompaniýasy tarapyndan SOCAR-nyň golçur “Caspian Drilling Company” kompaniýasynyň Heýdar Alyýew burawlaýjy platformasy ulanylyp, 623 metr çuňlukda burawlandy. Buraw işleri 2020-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda başlandy.

Şafag-Asiman ýatagy Bakuwdan 125 km günorta-gündogarda ýerleşýär. Ýatak 1 müň 100 inedördül metr meýdany tutup, 1961-nji ýylda açyldy.

SOCAR we BP 2010-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Şafag-Asiman deňiz ýatagyny 30 ýyllap bilelikdäki gözleg işlerini geçirmek we özleşdirmek boýunça PSA şertnamasyna gol çekdiler. Şertnama laýyklykda, BP 50% bilen dolandyryjy, SOCAR bolsa galan 50% paýyna eýe bolar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022