Russiýanyň Gümrük tarif we tarif däl düzgünleri boýunça kömekçi komissiýasy günebakar ýagynyň eksporty üçin goşmaça goşulýan paçlaryň girizilmegini tassyklady. Ol 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrdan güýje girip, bir ýyl dowam eder. Bu barada Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň metbugat gullugy şenbe güni habar berdi.
Beýanata görä, kömekçi komissiýa günebakar ýagyna formula esasly eksport pajyny kesgitlemek teklibini tassyklady. Eksport paçlarynyň möçberi 70% bolup, ol kesgitlenen baha bilen görkeziji bahanyň arasyndaky tapawutdan alnar. Ministrlik kesgitlenen bahanyň bir tonna üçin 1 müň ABŞ dollardygyny we görkeziji bahanyň bolsa “Reuters” agentliginiň maglumatlaryna esaslanyp kesgitlenjekdigini beýan etdi.
Russiýanyň Oba hojalyk ministrliginiň beýanatyna görä, täze salgyt mehanizmi içerki bazarda günebakar ýagynyň durnukly bahalarynyň saklanmagyna goşant goşar.
Şeýle hem, Russiýanyň hökümeti 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli aralykda günebakar tohumy üçin 50%, ýöne onuň bir tonnasy üçin 320 ABŞ dollaryndan pes bolmadyk eksport pajyny girizmegi meýilleşdirýär. Şol döwürde raps çigidi üçin 30%, ýöne onuň bir tonnasy üçin 165 ýewrodan az bolmadyk eksport pajy meýilleşdirilýär.
Şu ýylyň 9-njy ýanwaryndan 30-njy iýun aralygynda Russiýada günebakar tohumy üçin 30%, ýagny onuň bir tonnasy üçin 165 ýewrodan az bolmadyk eksport pajy hereket edýär.