Türkmenistanda “Ýylyň öňdebaryjy işewüri” bäsleşiginiň jemi jemlendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda “Ýylyň öňdebaryjy işewüri” bäsleşiginiň jemi jemlendi
Bäsleşik 13 ugur boýunça geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) we Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan bilelikde gurnalan “2020-nji ýylyň telekeçisi” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy TSTB-nyň sergisine gabatlanyp geçirildi.

TSTB-nyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bäsleşik 13 ugur boýunça geçirilip, bäsleşikde ýeňiji bolanlar hormat hatlary we ýadygärlikler bilen sylaglanyldylar.

“Ýylyň senagatçysy” ugry boýunça birinji orna “Gerçek” hususy kärhanasynyň (HK) ýolbaşçysy Aýhan Rejepowa, “Ýylyň daýhany” ugry boýunça birinji orna “Nurly meýdan” daýhan birleşigi mynasyp boldy. “Söwda we hyzmatlar ugrunda ýylyň öňdebaryjy telekeçisi” ugry boýunça birinji orna “Ynamdar.com” onlaýn markediniň ýolbaşçysy Gapurow Nurmuhammet eýe boldy.

Datly şerbet” HK ýylyň öňdebaryjy eksport edijisi hökmünde birinji orna eýe boldy. Gurluşyk ugry boýunça “Altyn” hususy kärhanasy saýlanyldy.

Şeýle hem, “Ýylyň oba hojalyk ugry boýunça täze önüm öndürijisi” we “Ýylyň täze senagat önüminiň öndürijisi” ugurlaryndaky birinji orunlar “Parahat” HK-a we “Begler ýoly” HK-a berildi.

Ahal welaýatyndan Aýgözel Toýçiýewa, Daşoguz welaýatyndan Baýramgül Ýagmurowa, Lebap welaýatyndan “Saglyk” HK-nyň ýolbaşçysy Zerhal Narmamedowa, Mary welaýatyndan Oguloraz Hudaýkuliýewa, Balkan welaýatyndan Baýramgül Aşyrowa “Ýylyň telekeçi zenany” ugry boýunça öňe saýlanan işewürler diýip ykrar edildi.

Mundan başga-da, “Önümçilige innowasion tehnologiýalary we sanly ykdysadyýeti girizmek boýunça ýylyň öňdebaryjy telekeçisi” ugry boýunça “Aýdyň gijeler” HJ öňdebaryjy diýlip ykrar edildi. “Ajaýyp ussat halal önümleri” HJ ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiligindäki ugry boýunça birinji orny eýeledi.

Hususy bilim edaralarynyň arasynda “Päk nesil” HJ öňdäki orny eýeledi.

Dabara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli gurnalan serginiň soňky gününde geçirildi.

2022