“Arassa Rysgal” ÝTÖB-niň ýardam bermeginde aýakgap önümçiligini ýokarlandyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Arassa Rysgal” ÝTÖB-niň ýardam bermeginde aýakgap önümçiligini ýokarlandyrdy
Kompaniýa 2015-nji ýylda “Gerçek” haryt nyşanly tomus aýagaplarynyň önümçiligini ýola goýdy. (Surat: ÝTÖB)

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) maliýe we işewür maslahat beriş maksatnamasy netijesinde “Arassa Rysgal” kompaniýasy Türkmenistanda sport aýakgaplarynyň we rezin ädikleriniň önümçiligini ilkinji bolup ýola goýdy.

ÝTÖB-niň geçen anna güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, “Arassa Rysgal” kompaniýasy ýurtda tomus aýakgaplaryny öndürmekde öňdebaryjy orunlary eýeleýär we onuň önümlerine ilat arasynda uly isleg bildirilýär.

1997-nji ýylda esaslandyrylan “Arassa Rysgal” kompaniýasy telekeçilik işine guradylan miweleriň we hozlaryň söwdasyndan başlady, soňra kompaniýanyň düzümine birnäçe önümçilik ugurlary girizildi.

Kompaniýa 2015-nji ýylda “Gerçek” haryt nyşanly tomus aýakgaplarynyň  önümçiligini ýola goýdy. Häzirki wagtda kärhanada 400 hünärmen zähmet çekýär, olaryň 65 göterimini zenanlar düzýär.

Habarda bellenilişi ýaly, “Gerçek” haryt nyşanly aýakgaplar uly islegden peýdalanylýar. Hususy kärhananyň önümleri diňe ýurdumyz bilen çäklenmän, goňşy ýurtlara hem eksport edilýär. Kärhana kem-kemden önümçilik mukdaryny artdyrýar. Häzirki wagtda kompaniýada ýylda 6 million jübüt tomus aýakgaplary, 40 müňden gowrak rezin aýakgaplary we 80 müň sany sport aýakgaplary öndürilýär.

Kärhana ussahanalaryň gurluşygyna we täze enjamlaryň satyn alynmagy üçin ÝTÖB-den 2 million ABŞ dollary möçberindäki karz pul serişdelerini aldy.

“Täze maýa goýum taslamasynyň kömegi bilen, import edilýän çig mallara garaşly bolmazdan, doly önümçilik tapgyryny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýäris. Bu bolsa öz gezeginde has amatly aýakgap bilen üpjün edilmegine we aýallar üçin 200 goşmaça iş ýeriniň döredilmegine goşant goşýar” diýip, Aýhan Rejepowa geljek döwür üçin meýilnamasy hakda gürrüň berdi.

Kompaniýanyň ýedi ussahanasynda aýakgaplaryň tapgyrlaýyn önümçiligi amala aşyrylýar. Olaryň içinde: önümi taýýarlamak, kesmek, tikmek, lazer bilen kesmek, ýygnamak, bezemek ýaly işleri bar. Çig mal esasynda emeli deri, dürli reňkli ýüplükler, poliuretan we poliwinil hloridy ulanylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022