“Begler ýoly” ikinji derejeli plastmassany gaýtadan işlemegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Begler ýoly” ikinji derejeli plastmassany gaýtadan işlemegi meýilleşdirýär
“Begler ýoly” hususy kärhanasy plastmassa önümleriniň 24 görnüşini öndürýär.

Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän polietilenden we polipropilenden önüm öndürýän “Begler ýoly” hususy kärhanasy geljekde ikinji derejeli plastmassany gaýtadan işlemegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanylan sergide kompaniýanyň söwda bölüminiň müdiri Muhammeddin Çaryýew “Biznes Türkmenistan” internet neşiri bilen geçiren söhbetdeşliginde kärhananyň önümleri bilen tanyşdyryp, kompaniýanyň iýmit gaplary, miwe we bakja önümleri üçin sebetler, ürgün önümler üçin gaplar, içgi önümleri üçin çüýşeler we himiki maddalar üçin gaplar ýaly plastmassa önümleriniň 24 görnüşini öndürýändigini aýtdy.

Germaniýadan, Türkiýeden we Hytaýdan gelen häzirki zaman enjamlarynyň kömegi bilen kärhana doly awtomatlaşdyryldy. Kärhananyň önümçilik kuwwaty aýda 1000 tonna çenli plastmassa önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de kärhananyň IML (In-Mould Labelling) tehnologiýasy esasynda, gaplara nyşanlary goýmak mümkinçiligi bardyr.

Muhammeddin Çaryýewiň aýtmagyna görä, kompaniýanyň önümleri Özbegistan, Gazagystan, Russiýa we Owganystan ýaly ýurtlara eksport edilýär.

2014-nji ýylda esaslandyrylan “Begler ýoly” hususy kärhanasynda 50-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň “Miras”, “Sähetli türkmen”, “Ýigit”, “Guba gara”, “Täze aý”, şeýle hem “Owadan ülke”, “Sap taslama”, “Ajaýyp Ussat”, “Bäş nur” we “Oguz ýol” kärhanalary ýaly müşderileri bar.

2022