Türkmenistanyň Prezidenti Türki geňeşde ýurduň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Türki geňeşde ýurduň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki geňeşiň resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) resmi däl maslahatynyň barşynda Türkmenistan ählumumy howpsuzlygyň gazanylmagy, energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ulag pudagynyň ösdürilmegi, daşky gurşawyň goralmagy, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi ýaly meseleleri we beýleki ugurlary öňe sürýär diýip belledi.

Milli Liderimiz Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki geňeşiň resmi däl maslahatynyň hormatly myhmany hökmünde gatnaşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, onlaýn maslahata Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Türki geňeşiň Baş sekretary Bagdad Amreýew gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz ählumumy energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň döwrümiziň gaýragoýulmasyz işleriniň biri bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň dünýäniň energiýa serişdelerinden deňhukukly we adalatly peýdalanmagyň zerurdygy baradaky düşünjeden ugur almak bilen, bu serişdeleriň dünýä bazarlaryna iberilmeginde degişli taraplaryň ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutýan ygtybarly we durnukly ulgamyň döredilmegi ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara guramalaryň çäklerinde, esasan hem, BMG-nyň derejesinde bütindünýä energiýa howpsuzlygy boýunça gepleşikleriň ýola goýulmagyny teklip etdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalaryny mundan beýläk-de dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini, şol sebäpli ýurdumyzyň nebitgaz serişdeleriniň we elektrik energiýasynyň dünýä bazarlaryna çykarylmagy ugrunda netijeli halkara hyzmatdaşlygy alyp barjakdygyny nygtap, munuň ähli ýurtlar, şol sanda türki dilli döwletler üçin hem örän peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem, Hormatly Prezidentimiz geljekde ýurtlarymyzyň saglygy goraýyş ulgamlarynyň we ylmy-barlag edaralarynyň koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde egin-egne berip, dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde iş alyp barmaklarynyň örän dogry boljakdygyny nygtady.

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi 2009-njy ýylyň oktýabrynda döredilip, häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe onuň agzalary bolup durýar.  

2022