LG smartfon önümçiligini bes edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
LG smartfon önümçiligini bes edýär
Smartfon önümçiligi geçen ýyl kompaniýanyň söwda dolanşygynyň takmynan 8%-i öz içine aldy.

Günorta Koreýanyň “LG Electronics” kompaniýasy smartfon önümçilik bölüminiň ýitgi çekýändigi sebäpli şu ýylyň 31-nji iýulyndan başlap telefon bölüminiň ýapylýandygyny mälim etdi. Bu barada kompaniýanyň metbugat beýanatyna salgylanyp, Russiýanyň “Interfaks” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, LG kompaniýasy smartfonlaryň “bäsdeşlik bazaryndan” çykmak kararyny berdi. Kompaniýa elektrik ulaglarynyň bölekleri, birikdiriji enjamlar, akylly öý tehnologiýalary, robot tehnikasy, emeli intellekt, b2b çözgütleri ýaly geljegi uly bolan ugurlara, şeýle hem platforma hyzmatlaryna ünsi jemlemek kararyna geldi.

Kompaniýa öndüren smartfonlarynyň galanlaryny satmagy dowam etdirer we belli bir wagta çenli telefon satyn alanlara hyzmat goldawyny hem-de programma üpjünçiligi täzelenmeleri bilen üpjün eder.

Amerikanyň “Dow Jones” biržasynyň bellemegine görä, smartfon ugrundaky önümçilik işi 2015-nji ýylyň ikinji çärýeginden bäri girdeji getirip bilmedi. Şol döwürden bäri kompaniýanyň umumy ýitgisi 4 milliard 4 million ABŞ dollaryndan geçdi.

LG kompaniýasy öz ykjam telefonlaryna “Android” ulgamyny birikdiren ilkinji kompaniýalaryň biri boldy. Smartfon önümçiligi geçen ýyl kompaniýanyň söwda dolanşygynyň takmynan 8%-i öz içine aldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022