Baku porty ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Baku porty ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär
Geçen ýyl Baku portynyň iki Ro-Ro köprüsiniň üsti arkaly 43 müň 208 TIR daşaldy. (Surat: Baku porty)

Baku halkara deňiz söwda porty, şu ýyl ýük daşamagyň möçberiniň öňki ýyllaryň görkezijilerinden has ýokary bolmagyna garaşýar. Bu barada portuň metbugat gullugynyň başlygy Elmar Habibliniň sişenbe güni Azerbaýjanyň “Trend” agentligine beren beýanatynda aýdylýar.

Portyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, COVID-19-yň ýaramaz täsirlerine garamazdan, 2020-nji ýylda ýük daşamagyň görkezijileri 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 20% ýokarlandyrdy.

Elmar portuň geçen ýyl iri görnüşli ulaglary (TIR) we konteýnerleri daşamakda görkezijileriniň soňky 30 ýyl bilen deňeşdirilende rekord derejä ýetendigini mälim etdi.

“2015-nji ýylda portumyzyň ýük dolanyşygy 3 million 59 müň tonnadan gowrak, 2019-njy ýylda 4 million 57 müň tonna, 2020-nji ýylda bolsa 4 million 850 müň tonna barabar boldy. 2020-nji ýylyň görkezijileri 2015-nji ýylyňky bilen deňeşdirilende ýük dolanyşygynyň 59% ýokarlanandygyny görkezýär” diýip, Habibli sözüni dowam etdi.

Metbugat wekili geçen ýyl portyň iki Ro-Ro köprüsiniň üsti arkaly 43 müň 208 TIR-iň daşalandygyny belledi. Bu bolsa 2019-njy ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 28% ýokarydyr. Bu TIR-leriň 65%-i Baku-Türkmenistan-Baku ugry boýunça, 35% -i bolsa Baku-Astana-Baku ugry boýunça daşaldy.

Şeýle-de ol portda ýylda 100 müň sany 20 futluk (TEU) konteýnerlerini ýüklemek ukyby bolan terminalyň bardygyny belläp geçdi.

Habibliniň beren beýanatyna göra, 2020-nji ýylda terminalda 40 müň 345 TEU konteýnerleri daşalyp, bu görkeziji 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 15% ýokarydyr. 2019-nji ýylda 35 müň 152 TEU konteýnerleri daşaldy.

Baku portynyň üsti arkaly geçen ýyl 711 müň 706 tonna gury ýük hem daşaldy. Bu görkeziji 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 2,8 esse we 2015-nji ýylyňkydan 3,5 esse köpdür.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022