“Türkmen-Galkan” 9 million manatdan gowrak aýakgap önümlerini öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen-Galkan” 9 million manatdan gowrak aýakgap önümlerini öndürdi
Önümçilikde ulanylýan çig mallarynyň ekologiýa taýdan arassa bolmagy önümiň hil taýdan ýokarydygyny görkezýär.

Ahal welaýatynda ýerleşýän “Türkmen-Galkan” aýakgap kärhanasynyň işçi hünärmenleri tarapyndan 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 9 million 180 müň 741 manatlyk önüm öndürilip, 138% ösüş gazanyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar berşine görä, ugurdaş kärhanalaryň arasynda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan bu kärhananyň önümçilikde ulanýan çig mallarynyň ekologiýa taýdan arassa bolmagy önümiň hil taýdan ýokarydygyny görkezýär.

Içerki bazarlarda kompaniýanyň aýakgap önümlerine ýokary isleg bildirilýär.

1997-nji ýylda işine başlan “Türkmen-Galkan” kompaniýasy 2020-nji ýylda aýakgaplaryň birnäçesiniň önümçiligini ýola goýdy. Olaryň arasynda çaga aýakgaplary, mokasinalar we ädikler bardyr.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, pudagyň kärhanalaryndaky önümçilik-tehniki binýadyny täzelemek we içerki tebigy çeşmeleriň esasynda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnama işlenilip taýýarlandy. 2025-nji ýyla çenli dokma senagaty pudagynda taslamalaryň 30-syny durmuşa geçirmek üçin 300 million ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýumyny gönükdirmek meýilleşdirilýär.