Ýod önümçiligi kärhanasy 3 million manada golaý önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýod önümçiligi kärhanasy 3 million manada golaý önüm öndürdi
Ýod önümçiligi kärhanasynda taýýarlanýan ekologiýa taýdan arassa serişdelere içerki we daşarky bazalarda uly isleg bildirilýär.

“Türkmendermansenagat” birleşiginiň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasy 2021-nji ýylyň ýylyň geçen üç aýynda jemi 2 million 730 müň manatlyga barabar önüm öndürilip, ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 126% ýokarlandy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, Ýod önümçiligi kärhanasynda taýýarlanýan ekologiýa taýdan arassa serişdelere içerki we daşarky bazalarda uly isleg bildirilýär.

Kompaniýanyň ýyllyk kuwwaty ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge mümkinçiligi bardyr.

Şeýle hem, kärhananyň önümleri stasionar bejeriş edaralarynda hem-de gaýragoýulmasyz lukmançylykda ulanylýar.

Şikes ýetme we hirurgiýa görnüşli ýaralary arassalamak, bioserişdeleri synag üçin almak, barlamak, özbaşdak ulanmak ýaly ýagdaýlarda ýoduň ähmiýeti uludyr. 

2022