Türkmenistanyň Türkmenbaşy porty bilen Azerbaýjandaky Baku portynyň arasynda 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde ýük dolanyşygynyň möçberi ýokarlandy. Bu barada Baku halkara deňiz söwda portuna salgylanyp, Azerbaýjanyň “Report” agentligi duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Baku portunyň ýük dolanyşygy 1 million 400 müň tonnadan geçdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 16,7% ýokarlandy.
Port birinji çärýekde 9 müň 165 sany iri görnüşli ulaglary (TIR) we konteýnerleri daşady. Şolardan 6 müň 605-si (72%) Baku-Türkmenistan-Baku ugry boýunça we 2 müň 560-sy (35%) Baku-Kuryk-Baku ugry boýunça daşaldy.
“Report” agentligi Baku portunyň parom terminalynda 6 müň 611 sany wagonlaryň gatnadylandygyny belledi. Şol wagonlaryň 4 müň 897-si (74%) Baku-Türkmenistan-Baku ugry boýunça we 1 müň 714-si bolsa (26%) Baku-Kuryk/Aktau-Baku ugry boýunça gatnadyldy.
Üç aýyň dowamynda Baku porty 9 müň 261 sany 20 futluk (TEU) konteýnerleri daşap, olaryň daşalmagyny 30% ýokarlandyrdy. Şol döwürde Baku porty 290 müň 883 tonna gury ýük daşady. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 51,5% ýokarydyr.
COVID-19-yň ýaramaz täsirlerine garamazdan, Baku porty ýük daşamak görkezijilerini 2020-nji ýylda 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 20% ýokarlandyrdy.