Türkmenistanda harytlaryň satyşdyrylmagy we aksiýalar nähili geçirilip bilinýär?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda harytlaryň satyşdyrylmagy we aksiýalar nähili geçirilip bilinýär?
Harytlaryň satyşdyrylmagy baradaky habarlar onuň başlanmagyna azyndan bäş gün galanda ilatyň dykgatyna ýetirilýär.

“Söwda işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harytlaryň satyşdyrylmagynyň (rasprodaža) we harytlar üçin ýörite çäreleriň (aksiýa) geçirilmeginiň aýratynlyklary hereket edýär.

Harytlaryň satyşdyrylmagy diýlip harytlaryň arzanladylan baha boýunça satylýan bölek söwdanyň görnüşine düşünilýär.

Ýörite çäreler diýlip harytlara bolan islegi höweslendirmek maksady bilen, harytlaryň bahasynyň arzanladylmagynyň bellenilmegine düşünilýär. Ýörite çäreleriň yzygiderliligi we mazmuny söwda işiniň subýekti tarapyndan kesgitlenilýär.

Harytlaryň satyşdyrylmagy we onuň geçirilýän ýeri baradaky habarlar onuň başlanmagyna azyndan bäş gün galanda ilatyň dykgatyna ýetirilýär.

Harytlaryň satyşdyrylmagy şu aşakdaky şertler berjaý edilen halatynda geçirildi diýlip ykrar edilýär:

  • eger ähli harytlaryň satyşdyrylmagy anyk ýeriň ýa-da harytlaryň anyk kesgitlenen toparynyň çäklerinde amala aşyrylýan bolsa;
  • harytlaryň satyşdyrylmagy çäklendirilen we görkezilen wagtyň dowamynda bolup geçýän bolsa;
  • harytlaryň bahalary satyşdyrylmaga degişli harytlaryň adaty bahalaryndan arzan bolsa.

Söwda işiniň subýekti satylýan harydyň birliginiň bahasyny görkezmäge borçludyr. Harydyň bahasynyň ýazgysynda iki baha: başdaky we arzanladylan bahasy görkezilen bolmalydyr.

Harytlaryň satyşdyrylmagy geçirilýän mahalynda olaryň bahasynyň arzanladylmagynyň möçberi söwda işiniň subýektleri tarapyndan harydyň görnüşine we söwda obýektiniň ölçeglerine baglylykda kesgitlenilýär. Bahalaryň arzanladylmagy bonus, lomaý, söwdalaşma, möwsümleýin ýaly görnüşlere bölünýär.

Eger haryt kemçiligi zerarly bahasynyň arzanladylmagy bilen satylýan halatynda alyja berlen çekde ýa-da gaýry resminamada “kemçilik” diýlip ýazylan bellik edilýär. Şeýle bellik bolmasa we haryt satyn alnandan soň kemçilik ýüze çykarylsa, alyjynyň harydy yzyna tabşyrmaga hukugy bardyr.

Arzan baha bellenilen degişli harydyň bahasy harydyň satylmagy ýa-da arzanladylmagy barada bildiriş berlen pursadyndan 30 günden az bolmadyk döwürde saklanylmalydyr.

Çeşme: "Söwda işi hakynda" Türkmenistanyň Kanuny