Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň senagat pudagynyň ösüş depgini ýokarlanýar

Maral Handöwletowa
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň senagat pudagynyň ösüş depgini ýokarlanýar
Ýurdumyzyň kärhanalary ýanwar-mart aýlarynda içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän harytlaryň önümçiligini artdyrdylar.

Türkmenistanda kabul edilen uzakmöhletleýin döwlet maksatnamalarynyň netijesinde içerki senagatyň ösüş depgini yzygiderli ösýär, bu bolsa ilatyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna we milli ykdysadyýetimiziň ösmegine goşant goşýar.

Ýurdumyzyň kärhanalary ýanwar-mart aýlarynda içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän bäsleşige ukyply harytlaryň önümçiligini artdyrdylar.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň habar berşi ýaly, hasabat döwründe ýurtda nebit koksunyň önümçiligi 122,7%, çalgy ýaglaryňky 10,9%, semendiňki 25,6%, nah ýüplüginiňki 19,7%, plastmassa we aýna süýümli turbalaryňky 155% ýokarlandy. Şeýle-de harytlyk gazynyň önümçiligi 13% we tekiz aýnanyňky bolsa 5,3% artdy.

Türkmenistan senagat önümçiligini artdyrmak arkaly ykdysady ösüş depginini ýokarlandyrmagyny dowam etdirýär. Olaryň hemmesi Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumy, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan öndürilýän benzin zawody we başga birnäçe iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin boldy.

Bu desgalaryň gurluşygy Türkmenistany 2020–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda geçirildi. Bu bäş ýyllyk meýilnama türkmen halkynyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna, bäsleşige ukyply senagat kärhanalarynyň döredilmegine we ösdürilmegine goşant goşýar.

Türkmenistan uzak möhletli geljekde ýerli çig maldan öndürilýän goşmaça gymmaty bolan ýokary hilli önüm öndüriji hökmünde öz ornuny güýçlendirer. Onuň üçin döwlet maksatnamalarynda tebigy baýlyklary gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi Maral Handöwletowa

Bu makala ilkibaşda “Orient” internet neşirinde 19.04.2021 senesinde çap edildi.

2022