Balkan welaýatynda ykdysady görkezijiler ýokarlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkan welaýatynda ykdysady görkezijiler ýokarlanýar
Balkanda 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde senagat önümleriniň 3 milliard 396 million manatlyga barabary taýýarlanyldy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Balkan welaýaty köp sanly möhüm görkezijilerde ýokary ösüş depginini görkezdi. Balkan welaýatynda 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde senagat önümleriniň 3 milliard 396 million manatlyga barabary taýýarlanylyp, içerki we daşarky bazarlara ugradyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar berşi ýaly, Balkan welaýaty boýunça bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygy 1 milliard 527 million manada barabar bolup, bu ugurda 118% ösüş depgini hasaba alyndy. Şol döwürde ýola goýlan bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynyň 1 milliard 400 million manatlykdan gowragy hususy eýeçiligiň paýyna düşdi.

Mundan başga-da, elektrik energiýasyny ýerleşdirmekde welaýatyň ösüş depgini 115%-e barabar boldy.

Şeýle hem, 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Balkan welaýatynda ýerleşýän Gazy toplamak we paýlamak boýunça Balkanabat müdirliginiň düzümine girýän gaz kompressor beketlerinde 961 million 82 müň kubmetr “mawy ýangyç” taýýarlanyldy we sarp edijilere iberildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022