Türkmenistanyň biržasynda $30 milliona golaý söwda boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň biržasynda $30 milliona golaý söwda boldy
Owganystanyň telekeçileri TNGIZT-de öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 29 million 826 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen awtobenzini we uçar kerosinini, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Owganystan, Ermenistan we Gyrgyzystan döwletleriniň wekillerine daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, nah ýüplük we reňklenen tüýjümek önümler ýerlenildi.

Hytaýyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 3 million 960 müň manatlyk saryja goýunyň ýüňüni satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin TNGIZT-de öndürilen polipropilen we gaplaýyş plýonkasyny, şeýle hem el halylaryny we pagta lintini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 48 million 626 müň manatdan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 160-sy hasaba alyndy.

2022