“Erjel-Begenç” kompaniýasy önümçiliginiň gerimini giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Erjel-Begenç” kompaniýasy önümçiliginiň gerimini giňeldýär
Kompaniýanyň ýokary çyglylyga we sowuga çydamlylygy bilen tapawutlanýan önümlerine uly isleg bildirilýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän “Erjel-Begenç” hususy kärhanasy örtgi plitalarynyň täze önümçiligini özleşdirmek maksady bilen, ýanýoda we bordýur üçin niýetlenen plitalaryň 3 görnüşini, seýle hem “side-by-side” diwarlar üçin bezeg panelleriň önümçiligini ýola goýdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, kärhananyň hünärmenleri her ýyl dört burç şekilli daşlaryň 20-ä golaý görnüşini, bordýurleriň 7 görnüşini we 10-dan gowrak diwar üçin niýetlenen plitalary öndürýärler. Kompaniýada oturdylan enjamlaryň kuwwaty 20 müň inedördül metrden gowrak plitalary we 17 müň metrden gowrak bordýurleri öndürmäge mümkinçiligi bar.

Kommunal hyzmatlaryny ýerine ýetiriji edaralar we gurluşykçylar kompaniýanyň ýokary çyglylyga we sowuga çydamlylygy bilen tapawutlanýan önümlerine uly isleg bildirýärler. Şeýle hem, önümler Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygynda ulanylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gurluşyk önümleri pudagyny ösdürýärler. Bazalt inçe süýümi, turbalary, kerpiçleri, demirbeton desgalary we gidroizolýasiýa materiallaryny öndürýän kärhanalar hem importyň ornuny tutýan önümleri öndürmekde öz üstünliklerini görkezýärler.

2022