AÖB: Aziýanyň ykdysady ösüşiniň 2021-nji ýylda 7,3%-e ýetmegine garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
AÖB: Aziýanyň ykdysady ösüşiniň 2021-nji ýylda 7,3%-e ýetmegine garaşylýar
AÖB Baş edarasy, Manila, Filippinler

Dünýä ykdysadyýetiniň durnukly dikelmegi we COVID-19 sanjymlarynyň urulmagy netijesinde şu ýyl Aziýanyň ykdysady ösüşiniň 7,3%-e deň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Aziýanyň ösüş banky (AÖB) çarşenbe güni çap eden täze hasabatynda habar berdi.

Bankyň “Aziýanyň ösüşiniň mümkinçilikleri” atly esasy ykdysady hasabatyndaky çaklama dekabr aýyndaka (6,8%) garanyňda ýokarydyr. AÖB sebitiň ykdysadyýetiniň koronawirus pandemiýasy sebäpli geçen ýyl 0,2% peselendigini çaklaýar.

AÖB 2022-nji ýylda Aziýanyň jemi içerki önüminiň ortaça 5,3%-e barabar bolmagyna garaşýar.

AÖB-niň Prezidenti Masatsugu Asakawa Hytaýyň we Hindistanyň güýçli depginde ösmegi Aziýa kontinentinň ykdysady dikelişine ýardam etjekdigini aýtdy. Hasabatda şu ýyl Hytaýyň ykdysadyýetiniň 8,1%, Hindistanyň 11%, Bangladeşiň bolsa 6,8% ösjekdigi çaklanyldy.

Ykdysadyýeti 2,3% ýokarlanan Hytaý 2020-nji ýylda ösüş hasaba alnan ýeke-täk iri ýurt boldy.

“Aziýanyň ösüp barýan ýurtlarynda ykdysady ösüş hasaba alynýar, ýöne koronawirus ýokanjynyň täzeden möwç almagy ösüşe päsgelçilik döredip biler” diýip, AÖB-niň baş ykdysatçysy Yasuýuki Sawada hasabatda belledi.

AÖB-iň hasabatyna görä, dünýädäki çig mal bahalarynyň ýokarlanmagy Merkezi Aziýada ykdysady işjeňlige itergi berer. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň şu ýyl ortaça 3,4%, indiki ýyl bolsa 4% ösjekdigi çaklanylýar.

AÖB-niň çaklamalary sebitdäki Ýaponiýany hasaba almazdan, Merkezi Aziýadan Ýuwaş umman adalaryna çenli öz içine alýar. Aziýadaky sosial we ykdysady taslamalara karz berýän AÖB-niň iň uly paýdarlary ABŞ we Ýaponiýadyr.

2022