TNGIZT-de 12 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT-de 12 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürildi
2021-nji ýylyň birinji çärýeginde TNGIZT-iň önümçiliginiň möçberi 18,2% ýokarlandy.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) 2021-nji ýylyň başyndan bäri 12 müň 389 tonna suwuklandyrylan gaz öndürilip, sarp edijilere iberildi. Bu görkeziji bellenilen meýilnamadan 1 müň 825 tonna artykdyr.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, görkezilen döwürde kärhana suwuklandyrylan gazyň önümçilik meýilnamasyny 117% ýerine ýetirdi.

Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde TNGIZT-iň önümçiliginiň möçberi 18,2% ýokarlandy.

Häzirki wagtda TNGIZT-iň çäklerinde çig malyň gaýtadan işlenişini çuňlaşdyrmak we goşmaça gymmaty bolan eksport önümleriniň görnüşini giňeltmek üçin dürli desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022